Türkmenistanyň topary Ýakutskide geçirilýän çagalar sport baýramçylygynda

Olara 12 günüň dowamynda sport bäsleşikleri garaşýar

525337
Türkmenistanyň topary Ýakutskide geçirilýän çagalar sport baýramçylygynda

Ýakutskiniň “Tuýmaada” stadionynda “Aziýanyň çagalary” atly VI halkara oýunlarynyň açylyş dabarasy hem-de 32 ýurduň sport toparlarynyň däp bolan ýörişi geçirildi. Olara 12 günüň dowamynda sport bäsleşikleri garaşýar.

Türkmenistanyň topary “Aziýanyň çagalary”  oýunlaryna 2008-nji ýyldan bäri gatnaşýar. Şu ýyl biziň wekiliýetimiziň düzüminde 78 adam bar, olar sportuň 16 görnüşi boýunça ýaryşlarda çykyş ederler.

Geçen gezekki oýunlarda biziň ildeşlerimiz boks görnüşinde (1 kümüş we 2 bürünç medal), erkin göreşde (1 bürünç medal), woleýbolda (ýetginjekler topary üçünji orny eýeledi), dzýudoda (1 kümüş we 1 bürünç medal), samboda (2 kümüş we 2 bürünç medal) hem-de küşt boýunça ýaryşda (1 bürünç medal) üstünlikli çykyş etdiler.

“Aziýanyň çagalary” oýunlary Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçirilýär. Oýunlaryň  şygary: “Sportda dostlukdan—Ýer ýüzünde parahatçylyga!” diýlip atlandyrylýar. (Çeşme: http://www.ashgabat2017.gov.tm/)



Degişli Habarlar