“Türkiýe taryhynda başyny egjek hiç hili hereket etmedi”

Düýn Azerbaýjanda resmi saparda bolan Premýer ministr Ýyldyrym saparynyň çäginde kärdeşi Artur Rasizade bilen duşuşdy

503864
“Türkiýe taryhynda başyny egjek hiç hili hereket etmedi”

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Türkiýäniň taryhynda başyny egjek hiç hili hereket etmändigini belläp: “Günbataryň taryhynda şeýle bir uly tragediýalar bar welin, hemmesiniň jogabyny berjek bolsalar depderler ýetmez” diýdi.

Düýn Azerbaýjanda resmi saparda bolan Premýer ministr Ýyldyrym saparynyň çäginde kärdeşi Artur Rasizade bilen duşuşdy.

Ýyldyrym ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň geçirilen metbugat ýygnagynda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýüz-ýüze gelen käbir nähak ýagdaýlary maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

100 ýyl ozala degişli, bolup-bolmandygy hem belli bolmaýan, taryhçylaryň hem düşünişip bilmeýän, halkara hukuk kazyýetleri tarapyndan hem karar berilmedik bir mesele sebäpli Germaniýanyň Federal mejlisiniň Türkiýäni günäkärleýän bir karar kabul edendigini ýatladan Ýyldyrym şol kararyň Türkiýe taýdan hiç hili manysynyň we ygtyýarynyň ýokdugyny nygtady.

Emma Germaniýa ýaly wajyp bir hyzmatdaş ýurduň, Ýewropada hem söwda hyzmatdaşy hem-de ençeme ugurda gatnaşygy bolan ýurduň beýle bir karar kabul etmeginiň Türkiýäni lapykeç ýagdaýa getirendigini aýdan Binaly Ýyldyrym: “Bular ýaly karary näme sebäpli kabul etseler etsinler, islese ermeni lobisiniň öňe sürmegi bilen, islese syýasy sebäpler bilen bolsun hakykaty üýtgedip bilmezler. Biziň geçmişimizde, biziň taryhymyzda başymyzy egjek hiç hili hereket ýok, emma Günbataryň taryhynda uly adamzat tragediýalar bar welin, şolaryň hemmesiniň jogabyny berjek bolsalar depderler ýetmez” diýdi.

Azerbaýjanyň Premýer ministri Rasizade hem Germaniýanyň Mejlisiniň ermeni garaýyşlaryny goldap kabul eden karar bilen baglanşykly özlerini demokrat diýýänleriň bular ýaly adalatsyz karar kabul edendiklerini belledi.

Rasizade 100 ýyl ozal boldy diýip gün tertibe getirýänleriň, 20 ýyl ozal bolan azerbaýjanlylara garşy ermeniler tarapyndan edilen gyrgynçylyklaryna göz ýumýandyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar