Gazagystanda türk filmleri hepdeligi geçirilýär

Gazagystanda geçirilýän türk filmleri hepdeligi “Ertugrul 1890” filmi bilen dabaraly ýagdaýda açyldy

499458
Gazagystanda  türk filmleri hepdeligi  geçirilýär

Hepdeligiň guramaçylaryndan Öner Kylyç, Türkiýe bilen Gazagystanyň müňlerçe ýyllyk umumy taryhy geçmişe eýe iki ýurtdygyny nygtady.

Öner Kylyç Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugynyň we Halkara türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň goldaw bermeginde geçirilýän Türk filmleri hepdeliginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Kylyç türk taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýeter hakynda Türkiýeli we Gazagystanly kinomatograflaryň birlikde kino film taýarlamaklaryny maksat edinýändiklerini belledi.

TİKA-nyň başlygynyň orunbasary Mehmet Süreýýa Er bolsa garaşsyzlyklaryny yglan eden ilkinji günlerinden bäri Türki dilli ýurtlara goldaw berýändiklerini we şuňa menzeş çäreleriň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalanmagyna itergi bermegini arzuw edýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar