Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi

485579
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Işewür söhbetdeşlikde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini 2017-nji ýylda geçiriljek halkara sport baýramçylygyna – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berilmegine 500 gün galmagy mynasybetli gutlady.

Bellenilişi ýaly, sporty hemmetaraplaýyn höweslendirmek hem-de ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi milletiň saglygyny berkitmäge, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemäge ýardam eder.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda bu ulgamda hereket edýän milli kanunçylyk barha kämilleşdirilýär, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde dünýä derejesindäki türgenleri taýýarlamak işi alnyp barylýar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, köpugurly stadionlary we beýleki möhüm sport desgalaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hut Türkmenistanda geçirmek baradaky çözgüdi ýurdumyzyň hem-de onuň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk we açyklyk syýasatynyň abraýynyň barha artýandygynyň subutnamasy, Türkmenistanyň uly üstünlikleriniň we onuň olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz bu hukuga Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup eýe boldy. Munuň özi örän ähmiýetli waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň güýzünde giň möçberli sport baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, türk hyzmatdaşlarymyz tarapyndan türkmen paýtagtynda sebitde deňi-taýy bolmadyk, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyk gelýän köpugurly sport desgalaryny özüne birleşdirýän Olimpiýa toplumyny gurmak boýunça ýerine ýetirilen  ägirt uly işlere kanagatlanma bildirdi. Meýilleşdirilişi ýaly, soňy bilen bu ýerde iri  ýaryşlar, dünýäniň we Aziýanyň çempionatlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara derejelerinde kubok ugrundaky bäsleşikler geçiriler.

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, “Polimeksiň” ýolbaşçysyna onuň ähli desgalarynda işleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.  Şol desgalar bolsa Aşgabadyň binagärlik keşbine täze öwüşginleri çaýyp, häzirki wagtda iri halkara sport merkezine öwrülýän Türkmenistanyň özboluşly bezegine öwrüler.

Erol Tabanja bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen geljekdigine hem-de Olimpiýa şäherjigindäki gurluşyk işlerini bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlajakdygyna ynandyrdy. Işewür hormatly Prezidentimiziň  sporty ösdürmek meselesine uly üns berýändiginiň türkmen türgenleriniň öňünde ajaýyp mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn belledi. (THD)



Degişli Habarlar