Garabag meselesiniň çözülmegi üçin gepleşik etaby başlar

Hasanow Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda bolan soňky çaknyşyklar hakynda beýanat berdi

473317
Garabag meselesiniň çözülmegi üçin gepleşik etaby başlar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Baş kömekçisi Ali Hasanow, Garabag meselesiniň çözülmegi üçin gepleşik etabynyň başlajakdygyny aýtdy.

Hasanow Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda bolan soňky çaknyşyklar hakynda beýanat berdi.

Ali Hasanow çaknyşyklaryň başlamagyndan soň Azerbaýjanyň Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň beren çagyryşyna laýyklykda çaknyşyklary bir taraply ýagdaýda bes etmek bilen bütin dünýä Azerbaýjanyň söweş islemeýändigini görkezendigini nygtady.

Hasanow Ermenistanyň uly ýitgi çekendigine we ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirendigi sebäpli Azerbaýjanyň hüjümlere berk gaýtawul berendigini belledi.

Ali Hasanow Azerbaýjanyň tutanýerli tutumy sebäpli gepleşik etabynyň ýaňadandan başlap biljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar