Şu gün Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegine 2 ýyl boldy

Türkiýe bikanun anneksiýany ykrar etmeýändigini ýene-de bir gezek beýan etdi

451801
Şu gün Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegine 2 ýyl boldy

Daşary işler ministrligi Krymyň 2014-nji ýylyň 16-njy martynda geçirilen “referendum" bilen anneksiýa edilen gününde beren beýanatynda halkara hukugynyň aç-açan basgylanmagy manysyny aňladýan bu hereketiň Türkiýe tarapyndan ykrar edilmeýändigini we ýazgarylýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Ministrlikden berilen beýanatda: “Türkiýe Ukrainanyň özygtyýarlygyny we territorial bitewiligini güýçli goldap, bar bolan şertler Türkiýe taýdan hiç hili hukuky güýji ýokdur" diýilýär.

Krymyň basylyp alynmagyndan soňky iki ýyllyk döwürde edilen kanun bozmalara üns çekilýän beýanatda, basyş ediji syýasatlaryň bes edilmegi barada çağyryş berilýär.



Degişli Habarlar