Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Eýranda saparda bolýar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew resmi sapar bilen Eýrana bardy

438035
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Eýranda saparda bolýar

Aliýew paýtagt Tähranda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşdy.

Ilham Aliýew Sadabad köşgünde Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Iki kärdeş duşuşykdan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Azerbaýjan bilen 11 şertnama gol çekişendiklerini aýdan Ruhani, iki ýurduň arasyndaky syýasy meseleleri ýaňadadan gözden geçirendiklerini mälim etdi.

Hasan Ruhani: “Serhet transportyny maslahatlaşdyk. Gaz, nebit we energetika ýaly umumy we Hazar sebitindäki energetika meselesi barada maslahatlaşdyk. Bank ulgamy we ätiýaçlandyryş ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Ruhani geçirilen gepleşikde Eýranyň sebitdäki ýurtlar bilen bolan gatnaşyklar barada pikr alyşandyklaryny habar berdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew hem Eýran bilen ençeme ugurda garaýyşlarynyň birdigini we gatnaşyklaryň binýadynyň berkdigini nygtady.



Degişli Habarlar