Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän ählihalk baýramçylygy—her ýylyň 19-njy fewralynda bellenilýän Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi

435693
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Bu ýere ýygnananlar—Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzyň aýratyn ähmiýetli seneleriniň biri bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak işinde egsilmez güýç-kuwwat hem-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň we bütin adamzadyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.

Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz döwlet özbaşdaklygynyň synmaz nyşany bolup, her bir türkmenistanlynyň ýüreginde mähriban topragymyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere çäksiz buýsanç duýgusyny artdyryp, täze zähmet ýeňişlerine we üstünliklerine ruhlandyrýar.

Jemgyýetimiziň agzybirligi, halkymyzyň öz Lideriniň töweregine jebisligi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ajaýyp ýeňşini üpjün etdi. Ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň durmuş derejesiniň durnukly ýokarlandyrylmagy, Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagyny üpjün edýän ösüşlere beslenen özgertmeler, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dünýäniň gün tertibiniň meseleleriniň ähli ugry boýunça gyzyklanma bildirilýän halkara gatnşyklary üçin amatly şertleri döretmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür, ylmy we medeni aragatnaşyklary giňeltmek şol syýasatyň baş maksatlary bolup durýar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg syýasatynyň umumy dünýä işleriniň bütin barşyna oňyn täsir edip, Ýer ýüzüniň halklarynyň arasynda ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýynyň döremegine, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam berýändigini nygtadylar.

“Açyk gapylar” hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk etmek syýasaty daşary döwletler, iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini saklap, yzygiderli ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ägirt uly gyzyklanmany şertlendirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga, milleti ruhy we beden taýdan kämilleşdirmäge, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly aragatnaşyklary giňeltmäge tarap ymykly ugur alan özbaşdak Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň milletiň Garaşsyzlyk we erkin ösüş baradaky düşünjesini şöhlelendirýän hem-de deňsiz-taýsyz durmuş gymmatlyklaryny ykrar edýän mukaddes Tuga hemişe aýratyn garaýşynyň bolandygyny nygtady. Şol sebäpli hem Döwlet baýdagyny türkmen halysynyň gölleri, bäş ýyldyz we ýarymaý bezedi. Bular ata-babalarymyzyň wesýet eden belent milli däp-dessurlaryna hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryna mukaddes sarpa goýýan türkmen halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen, merdana türkmen halkynyň özbaşdak döwlet baradaky amala aşan arzuwynyň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagyny parahatçylyk söýüjiligiň we gülläp ösüşiň nyşany hökmünde zeýtun pudaklary hem bezedi.

Döwlet baýdagynyň güni—munuň özi mukaddes Tugumyza hormatymyz, söýgimizdir we sarpamyzdyr, şoňa görä-de, bu baýramçylyk hemişe aýratyn ruhubelent we dabaraly bellenmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara bu senä bagyşlanan çäreleriň ählisini iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap, tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar