NATO-nyň baş sekretarynyň şahsy wekili Bakuwa bardy

NATO-nyň baş sekretarynyň Günorta Kawkaz we Orta Aziýa ýurtlary boýunça şahsy wekili Jeýmes Appaturi Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan kabul edildi

433533
NATO-nyň baş sekretarynyň şahsy wekili Bakuwa bardy

Azerbaýjanyň Prezidentiniň diwamyndan berilen beýanatda Aliýew-Appaturi duşuşygynda Russiýa we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar hem-de Garabag meselesinde ýetilen sepgit barada pikir alyşylandygy habar berildi.

Prezident Aliýew duşuşykda NATO-nyň kabul eden resminamalary arkaly Azerbaýjanyň territorial bitewiligine goldaw bermegine hoşallyk bildirdi.

Azerbaýjanyň NATO-nyň ynamdar hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtan Appaturi bolsa Azerbaýjanyň NATO berýän goldawy mynasybetli sagbolsun aýtdy.


Etiketkalar: #NATO , #Bakuw , #İlham Aliýew , #sapar

Degişli Habarlar