Ahmet Dawutogly Gazagystana saparyny dowam etdirýär

Dawutogly saparyň çäginde Prezident Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan kabul edildi

428171
Ahmet Dawutogly Gazagystana saparyny dowam etdirýär

Paýtagt Astana baran Dawutogly syýasy, ylmy we işewür töwerekleri bilen duşuşar .

Gazagystanyň Premýer ministri Kerim Masimowyň çakylygyna laýyklykda Gazagystana baran Premýer ministr Ahmet Dawutogly, ilki kärdeşi bilen duşuşdy.

İki premýer ministr özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere geçildi.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen hem duşuşdy.

Dawutogly-Nazarbaýew duşuşygynyň esasy bölegi ikiçäk häsaýetde geçdi. Duşuşyk 2 sagat 40 minut dowam etdi.

Dawutogly şol duşuşykdan soň Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hasam ösdürilmegi çäginde işewür adamlary bilen duşuşar.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türk geňeşiniň çäginde Astanada açylan Türk Akademiýasyna hem barar.

Dawutogly ol ýerde gazak syýasat we ylmy töwerekleri bilen diplomatik korpusyň wekillerine ýüzlenip çykyş edenden soň Türkiýä gaýdar.



Degişli Habarlar