Azerbaýjanda nebit turba geçirijisinde ýangyn boldy

Ýangynda 32 işçi ýogaldy, 42 işçi bolsa halas boldy

401228
Azerbaýjanda nebit turba geçirijisinde ýangyn boldy

Azerbaýjanda nebit turba geçirijisinde ýangyn boldy.
Hazar deňziniň ugrunda ýerleşýän  Güneşli nebit turba geçirijisinde bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 32 adam ýogaldy.
Ýangyna güýçli şemalyň sebäp bolandygy nygtalýar.
Ýangynda 32 işçi ýogaldy, 42 işçi bolsa halas boldy.
Ýangyn sebäpli turba geçirijisiniň gysga möhletli ýapylyp bilinjekdigi nygtalýar.
Güýçli şemal sebäpli düýn başga bir nebit turba geçirijisinde bolan ýangynda dereksiz ýiten 3 işçiden bolsa heniz habar ýok.
Azerbaýjanda 2014-nji ýylda nebit turba geçirijisinde bolan ýangynda we heläkçiliklerde 14 işçi ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar