Azerbaýjanyň Döwlet baýdak güni

Azerbaýjan şu gümi baýramçylyk hökmünde bellap geçýär

413743
Azerbaýjanyň Döwlet baýdak güni

Azerbaýjan 1 asyrlyk rus ýesirliginden halas boldy.
Türk dünýäsiniň ilkinji respublikasyny gurdy.
9-nji noýabrda bolsa 3 reňki Azerbaýjan baýdagy resmi baýdak hökmünde kabul edildi.
Azerbaýjanyň baýdagyndaky gök reňk türlügi, gyzyl reňk swilizasiýany, ýaşyl reňk bolsa musulmanlygy, aý we 8 burçly ýyldyz hem türk taýpalaryny aňladýar.
Azerbaýjanyň ikinji gezek Sowet häkimiýeti astyna girmeginden soň Azerbaýjan Respublikasynyň ýokary Mejlisi 1991-nji ýylyň 5-nji fewralynda 3 reňkli, aý-ýyldyzly baýdagy Azerbaýjan döwletiniň baýdagy hökmünde yglan etdi.
Prezident İlham Aliýewiň 2009-njy ýylda gol çeken permany bilen 9-njy noýabrda Azerbaýjanda “Döwlet baýdagynyň” güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Döwlet baýdagynyň güni resmi dynç alyş. 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa Prezident İlham Aliýewiň gatnaşmagynda Bakuwda Azerbaýjanyň Döwlet baýdak meýdany açyldy.
Döwlet baýdagynyň meýdanynda 162 metrlik dünýäniň iň uzyn baýdak diňlerinden birine uzynlygy 70, ini 35 metr bolan dünýäniň iň uly baýdakžlaryndan biri bolan Azerbaýjan baýdagy pasyrdaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar