"Altyn asyr" – Türkmenistanyň Superkubogynyň eýesi

“Altyn asyr” – Türkmenistanyň Superkubogynyň eýesi

403959
"Altyn asyr" – Türkmenistanyň Superkubogynyň eýesi

“Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Superkubogyna mynasyp boldular. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” topary “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek şeýle uly ustunlik gazandy.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilen bu duduşyk durky doly täzelenen “Köpetdag” stadionynda guraldy. Türkmenistanyň Superkubogyny almaga dalaş edýän toparlar duşuşygyň barşynda öz derwezelerini goramaga köp üns berdiler. Oýnuň 4-nji minutynda “Altyn asyryň” derwezesiniň öňünde howply ýagdaý emele geldi. Mihail Titow sag tarapdan “Ahalyň” iň gowy hüjümçileriniň biri Altymaryt Annadurdyýewe pökgini geçirdi, ýöne ol topy dürs urup bilmedi.

“Altyn asyryň” futbolçylary öz gezeginde meýdançanyň merkezinde birek-birege ýygy-ýygydan pökgi berip, öz hüjümçilerini bäsdeşleriniň derwezesine ýetirmäge çalyşdylar. Bu usul öz netijesini hem berdi, duşuşygyň 27-nji minutynda Begenç Annagurbanowa jerime meýdançanyň golaýyndan dürs urgy edip, pökgini tora salmak başartdy.

Şondan 7 minut geçenden soň, ýurdumyzyň çempionlary oňat hüjüm geçirip, hasaby artdyrdylar. Goragçy Bagtyýar Hojaahmedow çep tarapdan bäsdeşleriniň jerime meýdançasyna girdi. Emma pökgini özi urman, Suleýman Muhadowa geçirdi, ol bolsa öz gezeginde pökgini derwezä dürs urdy. Arakesmäniň öňýanynda “Ahal” topary hasaby üýtgetmäge mümkinçilik aldy, emma Rahmet Şermetow pökgini derwezäniň ýokarsyndan geçirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymy “Altyn asyryň” artykmaçlygy bilen geçdi. Oýnuň 79-njy minutynda “Ahalyň” derwezebany Nikita Gorbunow Begenç Annagurbanowyň güýçli urgusyny gaýtarmagy başardy, emma Suleýman Muhadow pökgä ilki ýetişip, ony boş derwezä gönükdirdi. “Altyn asyryň” hüjümçisi 3-nji pökgüni hem derwezä geçirip, bir duşuşykda üç gezek tapawutlanmagy başardy.

Netijede “Altyn asyr” Türkmenistanyň Superkubogyna mynasyp boldy. Topar bu üstünlige Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda eýe boldy. Bu tälimçi ozal Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary bilen bu baýraga üç gezek eýe bolupdy, “Altyn asyr” bolsa Superkubogy birinji gezek alýar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurduň çempionynyň we Kubogynyň eýesiniň arasynda geçiirlýän Superkubok ugrundaky duşuşyk 2005-nji ýyldan bäri guralýär. Häzirki wagta çenli bu abraýly baýragy “Balkan” we Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparlary üç gezek, “Aşgabat”, “Merw” we “Ahal” toparlary bolsa bir gezek eýelediler. Ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyr” Superkubok ugrundaky ýaryşa üçünji gezek gatnaşýar. Ol 2009-njy ýylda HTTU-dan 0:3, 2011-nji ýylda bolsa “Balkandan” 2:4 hasabynda ýeňildi. Geçen ýyl ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orny eýelän, Türkmenistanyň Kubogyna iki gezek mynasyp bolan “Ahal” öz taryhynda ikinji gezek şeýle uly baýrak üçin güýç synanyşdy. “Ahalyň” futbolçylary geçen ýyl ýurdumyzyň dört gezek çempiony HTTU-nyň futbolçylaryny 4:2 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek Superkuboga mynasyp bolupdylar. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar