Gazagystan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Gazagystan bilen Ýaponiýa hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

402740
Gazagystan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Orta Aziýa ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Gazagystana baran Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan kabul edildi.
Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy meselesi seljerildi.
Şinzo Abe bilen Nursoltan Nazarbaýew özara we toparara gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.
Nazarbaýew ýapon işewür adamlary bilen Gazagystanda metal känleriniň anyklanylmagy, ýadro energetika, bankçylyk, himiýa senagaty, oba hojalyk we transport ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny ýatlatdy.
Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe hem Ýaponiýanyň Gazagystanda ýadro güýç desganasynyň gurulmagy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.
Şinzo Abeniň saparynyň çäginde Gazagystan-Ýaponiýa işewürler maslahaty hem geçirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar