Ýaponiýanyň Premýer ministri Özbegistanda saparda bolýar

Ýaponiýanyň Premýer ministri Sindzo Abe 6 ýurdy öz içine alýan Orta aziýa ýurtlary turunyň çäginde Özbegistanda saparda bolýar

399770
Ýaponiýanyň Premýer ministri Özbegistanda saparda bolýar

Sindzo Abe Saparynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Islam Kerimow bilen duşuşyp, gepleşiklerde esasan hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitleýin we global meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşiklerden soň iki ýurduň liderleri energetika, saglygy goraýyş we innowasiýa ýaly meseleler boýunça baglaşylan ylalaşyga gol çekişdiler.
Iki lider gepleşiklerden soň metbugat işgärleriniň ýygnagyna gatnaşdylar.
Özbegistanyň Prezidenti Islam Kerimow Ýaponiýanyň Özbegistanyň ykdysadyýetine goýan maýasyna we tehniki we gumanitar goldawlaryna ünsi çekdi.
Kermiow mundan başgada iki ýurduň global we sebitleýin meselelerde umumy garaýyşlara eýedigini belledi.
Özbegistanyň Ýaponiýa üçin möhüm dostdygyny nygtan Ýaponiýanyň Premýer ministri Sindzo Abe bolsa saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň has hem ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar