TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti Ýalçyn Topçu bilen duşuşdy

“Türk halky dinde, dilde, pikirde bir bolup güýçli bolmaly, dünýäniň parahatçylygyna goşant goşmaly”

342320
TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti Ýalçyn Topçu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ýalçyn Topçu bilen duşuşdy.
Wekiliýet duşuşykda ministr Topça Türki dilli döwletleriň baýdaklary bolan portret sowgat etdi.
Ministr Topçu duşuşykda türk dünýäsiniň wekillerini kabul etmekden hoşaldygyny belledi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ýalçyn Topçu “Türk halky merhemetli we ahlaga uly ähmiýet berýän halkdyr. Söweş ýyllarynda we asuda durmuşda hem bu özboluşlylygyny bütin dünýä görkezendir. Şol sebäpli hem sowgat eden portrediňizi ministrligimiziň törüne asarys” diýdi.
Topçu “Türk halky dinde, dilde, pikirde bir bolup güýçli bolmaly, dünýäniň parahatçylygyna goşant goşmaly”diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar