Berlinde uýgurlara edilýän zuluma garşy ýöriş guraldy

“Doganyňa eýe çyk, Gündogar Türkistan ölýär”

332046
Berlinde uýgurlara edilýän zuluma garşy ýöriş guraldy

Germaniýanyň paýtagty Berlinde Gündogar Türkistanda musulman ilata esasan hem remezan aýynda edýän zuluma garşy ýöriş guraldy.
“Zuluma garşy dymma” şygary bilen Hytaýyň ilçihanasynyň öňünde guralan ýörişe gatnaşanlar resmi Pekiniň onlarça ýyldan bäri uýgurlara edýän basyşyna garşylyk görkezdi.
Hytaýyň hökümetiniň alyp barýan assemiliýasia syýasaty tankyt edildi
Berlindäki Alperen ojaklarynyň metbugat geňeşçisi Ali Şen Hytaýyň hökümetiniň gündogar Türkistanyň halkyna zulum etmek bilen adam hukuklaryny basgylaýandygyny emma käbir ýurtlaryň ykdysady bähbitleri sebäpli meselä biperwaý garaýandygyny aýtdy.
Berlindäki Türk bilim jemgyýetiniň başlygy Rüştü Kam bolsa Hytaýyň hökümetiniň Gündogar Türkistanda esasan hem remezan aýynda goýan gadagançylyklaryna ünsi çekdi.
Ýörişde Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gündogar Türkistanyň baýdaklary göterildi
Ýörişe gatnaşanlar “Azat Gündogar Türkistan”, “Ölümleri durduryň” we “Doganyňa eýe çyk, Gündogar Türkistan ölýär” diýip ýüzlenme berdiler.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar