Akynjy Şulz bilen duşuşdy

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy Brussele guran saparynyň 2-nji gününde ÝB Parlamentiniň başlygy Martin Şulz bilen duşuşdy

328256
Akynjy Şulz bilen duşuşdy

Duşuşykdan soň beýanat beren Şulz: “ÝB adada dowam etdirilýän parahatçylyk gepleşikleri bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýip nygtady.

Parlament hökmünde gepleşiklere doly goldaw berýändiklerini bellän Şulz: “Gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy üçin elimizden gelenini ederis” diýdi.

DKTR-nyň Prezidenti Akynjy: “Adalatly çözgüdiň hem adanyň hem-de sebitiň howpsyzlygy üçin örän wajypdyr” diýdi.

Akynjy: “Hemmetaraplaýyn çözgüt bilen çagalarymyzyň howpsyz geljegini gurmak isleýäris” diýip nygtady.

Mustafa Akynjy kiprli türkleriň has hem çetleşdirilmegini islemeýäris diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar