Erdogan Gazagystana saparyny dowam etdirýär

Prezident Erdogan Gazagystanda kärdeşi Nazarbaýew bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi

238101
Erdogan Gazagystana saparyny dowam etdirýär

Erdogan Nazarbaýew bilen geçiren özara duşuşygynda özara gatnaşykar bilen birlikde halkara we sebitleýin meseleler barada-da pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Prezident Erdogan: “Sebiti gurşap alan ýangyn howpuna garşy Türkiýe we Gazagystan bilelikde hereket etmeli we arkalaşmaly” diýdi.
Gazagystanyň Türkiýe üçin Orta Aziýanyň esasy ýurtlaryndan biridigini nygtan Prezident Erdogan, sebitleýin meseleleriň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşygyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy. Erdogan: “Onuň hötdesinden geljekdigimize, aşaklan depginimizi güýçlendirjekdigimize ynanmaryn. Söwda gatnaşygyndaky maksadymyzyň 10 milliarda ýetmekdigi barasynda ylalaşdyk” diýdi.
Expo 2016-nyň Antalýada geçiriljekdigini ýatladyp, Gazagystany şol çärede Türkiýäniň ýanynda görmek isleýändigini nygtan Erdogan, Expo 2017 Gazagystanda geçirilende-de Türkiýäniň gerek bolan goldawy berjekdigini aýtdy.
Erdogan metbugat ýygnagynyň ahyrynda 26-njy aprelde Gazagystanda geçiriljek saýlawda Nursoltan Nazarbaýewe üstünlik arzuw etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar