Prezident Erdogan Astana gitdi

Astana gitmezinden ozal Esenboga howa menzilinde beýanat ebren Erdogan, Gazagystanyň Türkiýe üçin diňe bir dost we dogan ýurt däl, şol bir wagtda-da strategik hyzmatdaşdygyny aýtdy

236715
Prezident Erdogan Astana gitdi

Gazagystanyň Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 2009-njy ýylda Türkiýä guran saparynyň dowamynda taryhy başlangyç edilendigini we strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişilendigini ýatladan Erdogan, 2012-nji ýylda iki ýurdun arasynda döredilen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşinin ilkinji mejlisiniň Türkiýede geçirilendigini nygtady.
Erdogan saparynyň dowamynda Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşinin ikinji mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy.
Hoja Ahmet Ýasawynyň Türkistandaky aramgähini zyýarat etjekdigini aýdan Prezident Erdogan, Hoja Ahmet Ýasawy uniwersiteti tarapyndan beriljek hormatly doktorlyk derejesini kabul etjekdigini, talyplar we alymlar bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.
Erdogan Saparynyň dowamynda Din işler guramasy tarapyndan gurdurylan metjidiň hem açyljakdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar