Prezident Erdogan Gazagystanda saparda bolar

Prezident Erdogan aprel aýynyň 15-17-si aralygynda resmi sapar bilen Gazagystana gider

235532
Prezident Erdogan Gazagystanda saparda bolar

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň çakylygyna laýyklykda Prezident R. T. Erdogan aprel aýynyň 15-17-si aralygynda resmi sapar bilen Gazagystana gider.
Saparyň çäginde Prezident Erdogan bilen Nursoltan Nazarbaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahaty geçirler.
Maslahata iki ýurduň degişli ministrleri gatnaşar.
Maslahatda aktual we sebitara meseleler bilen birlikde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar seljerler.
Prezident Erdogan Astanada geçiriljek Türk-Gazak işewür adamlary maslahatyna hem gatnaşar.
Prezident Erdogan Türkistanda Din işleri edarasy tarapyndan gurlan Hoja Ahmet Ýasawy metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Prezident Erdogana Howa Ahmet Ýasawy uniwersiteti tarapyndan hormatly doktorlyk derejesi berler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar