Derwiş Eroglunyň beýanaty

Ýewropa Parlamentiniň dereksiz ýiten adamlar sebäpli Türkiýäni ýazgarmak barada karar kabul etmegine Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda reaksiýa görkezildi

243362
Derwiş Eroglunyň beýanaty

DKTR-nyň Prezidenti Derwiş Erogly hem karara hem-de şol karar barasynda metbugatda çykan habarlara ýazmaça beýanat bilen reaksiýa bildirdi.
Erogly beýanatynda Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen maslahatynda kabul eden kararynda we käbir metbugat organlarynda çykan habarlarda Kiprde dereksiz ýiten adamlar we Türkiýe Respublikasy bilen bagly, halk köpçüligini ýalňyşdyryjy, esassyz, gönükdirmeli we taraply maglumat berilendigini nygtady.
Przident Erdogly Ýewropa Parlamentinde taraply garaýyş bilen kabul edilen kararda esasy bölegi aýallardan, garrylardan we çagalardan ybarat 126 kiprli türküň grekler tarapyndan gyrylan ýeri bolan Murataga, Atlylar we Sandallar hem-de ähli asuda ilatdan bolan Terazi-Tatlysu-Taşkent gyrgynçylyklary barada durlup geçilmezliginiň kararyň taraply we ýalňyşdyryjydyny görkezýändigi bellenilýär.
Dereksiz ýiten adamlar baradaky toparyň, iki jemgyýetli we BMG tarapyndan bellenen üçünji agzanyň gatnaşmagyndaky özbaşdak topar hökmünde işleýändigini ýatladan Erogly, toparyň adadaky türk ýolbaşçylary bilen gatnaşyklarynyň diýseň utgaşykly we hyzmatdaşlyk esasynda dowam edýändigine ünsi çekdi.
Käbir gazuw-agtaryş ýerlerinde işleriň dowam edýändigini nygtan Erdogly, şol barlaglar tamamlanman adadaky türk harby ýolbaşçylaryny aýyplamagyň ýalňyş, nähak we adam hukuklaryna bap gelmeýändigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar