Türkmenistan -- Azerbaýjan: arasyndaky hyzmatdaşlyk ösýär

Türkmenistan -- Azerbaýjan: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

243125
Türkmenistan -- Azerbaýjan: arasyndaky hyzmatdaşlyk ösýär

Düýn Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi – TDH bilen Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentliginiň (AzerTAj) arasynda maglumatlar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şunuň ýaly Ylalaşyga TDH bilen Azerbaýjanyň halkara habarlar agentligi “Trend” bilen hem gol çekildi.

TDH-nyň ýolbaşçylygynyň belleýşi ýaly, bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň barşynda, Türkmenistanyň maglumatlar syýasaty ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumatlar giňişligine mundan beýläk-de goşulyşmagy we ýurdumyzyň durmuşyny, döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek, türkmen döwletiniň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde goýlan ilkinji derejeli wezipeleriň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň habarlar ulgamynda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek iki dostlukly goňşy ýurtlaryň arasynda iki doganlyk halkyň bähbitlerine barha giňeldilýän özara bähbitli hem-de oňyn hyzmatdaşlygyň nukdaýnazaryndan has-da möhümdir.

Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, taraplar dessin habarlary, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni-gumanitar durmuşy hakyndaky seljerme maglumatlary, şeýle hem fotosuratlary we wideoşekilleri yzygiderli ýagdaýda özara alşarlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň iş gerimini giňeltmek barada aýdylanda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan TDH-nyň işini döwrüň talabyna laýyklykda, alyp barmakda kämilleşdirmek boýunça agentlikde möhüm düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ýakynda bolsa wideoşekilli täzelikler bölümi döredildi. Habarlar agentliginiň hünärmenleri şeýle hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşy bilen baglanyşykly milli internet saýtlary ösdürmek, täze tehnika we maglumatlar ulgamlaryny işläp taýýarlamak boýunça çäreleri geçirýärler. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanylan türkmen, iňlis we rus dillerinde internet giňişligine çykmak üçin taýýarlanan saýt nobatdaky täze maglumatlar önümidir.

Täze internet-ulgam Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwerlik syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, şeýle hem türkmen bitaraplygynyň şanly senesine gabatlanylyp geçiriljek dabaraly çäreleri giňden şöhlelendirmek maksady bilen döredildi.

Düýn Bakuda bolup geçen çäre bilen baglanyşykly gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, “Trend” agentliginiň 1995-nji ýylda Azerbaýjanda esaslandyrylan garaşsyz habarlar agentligidigini we onuň Günorta Kawkaz hem-de Hazarýaka sebitinde bolup geçýän täzelikleri habarlar giňişligine ýaýradýan agentlik bolup durýandygyny bellemelidiris. Agentlik tarapyndan her günde bäş dilde – azerbaýjan, rus, iňlis, pars we arap dillerinde täzelikler, şeýle hem seljerme synlary we multimediýa maglumatlar çap edilýär.

“AzerTAj” Azerbaýjanyň 1920-nji ýylda esaslandyrylan ilkinji milli habarlar agentligidir. Häzirki wagtda ol alty dilde—azerbaýjan, iňlis, rus, fransuz, nemes we arap dillerinde bu ýurduň jemgyýetçilik –syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni, lukmançylyk, sport, ekologiýa we beýleki ulgamlary hakynda dessin maglumatlary gije-gündiziň dowamynda dünýäniň maglumatlar giňişligine ýaýradýar. “AzerTaj” Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlarynyň Maglumatlar agentlikleri guramasynyň hem-de Täzelikler agentlikleriniň Ýewropa alýansynyň agzasy bolup durýar.

2-nji martda Bakuda daşary ýurtlaryň maglumatlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda täzelikler agentlikleriniň Bütindünýä kongresiniň geňeşeniň mejlisi geçiriler. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar