Türkmenistan habar beriş serişdeleriň üns merkezinde

Türkmenistan daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

240442
Türkmenistan habar beriş serişdeleriň üns merkezinde

Türkiýe Respublikasynyň “Turcomoney” halkara maliýe-ykdysady žurnalynyň nobatdaky sany “Türkmenistan –Orta Aziýanyň nurana ýyldyzy” atly umumy sözbaşy bilen açylýar. Onuň giriş bölüminde Türkmenistanyň häzirki döwri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada gysgaça maglumat berilýär. “Ykdysady ösüşiň dünýä Lideri” atly makala soňky ýyllarda ähli pudaklarda ýokary makroykdysady görkezijilere eýe bolýan türkmen ykdysadyýetine bagyşlanypdyr.

Şeýle hem žurnalda geçen ýyl Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan geçirilen baýramçylyk çäreleri barada gürrüň berýän reportaž hödürlenýär. Neşiriň soňky sahypalarynda daşary ýurtly myhmanlar, Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri, işewür toparlaryň agzalary, daşary ýurtly ilçiler Türkmenistan we onuň halkara hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly täsirleri hakynda gürrüň berýärler.

“Strategik hyzmatdaşlygyň taryhy duşuşygy” atly umumy bölümde ýerleşdirilen makalalar geçen ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana bolan saparyna bagyşlanypdyr. Neşirde bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynda türkmen döwleti bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesinde Türkiýäniň baştutanynyň özüniň ilkinji resmi saparyny Orta Aziýa döwletleriniň içinde ilkinji bolup, Türkmenistana amala aşyrmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda geçen ýylda geçirilen Halkara ulag forumy hakynda bolsa “Gadymy Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi” atly makalada gürrüň berilýär. Neşirde, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň häzirki zaman ulag düzümini döretmeklige möhüm orun berilýän daşary syýasat strategiýasy hakyndaky çykyşlaryndan parçalar ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, goňşy döwletler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän sebitleýin we yklymlaýyn taslamalar hakynda neşirde durlup geçilýär. Olaryň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan polat ýollarynyň gurluşygy, Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal ýollaryň döredilmegi bar.

“Diplomatic Focus” atly Pakistan Yslam Respublikasynda neşir edilýän beýleki bir žurnalda Türkmenistana hem-de türkmen halkynyň beýik ogly, nusgawy şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe makalalar ýerleşdirilipdir.

Ony Türkmenistan hakynda taýýarlanylan makalalar toplumy açýar. Hususan-da, neşirde biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty, 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ykrar eden hemişelik bitaraplyk derejesi hakynda gürrüň berilýär. Makalalaryň awtorlarynyň belleýişleri ýaly, Türkmenistan diňe bir sebitiň döwletleri bilen däl, eýsem, Russiýa, Hytaý, ABŞ, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ýaly dünýäniň iri döwletleri bilen özara peýdaly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýdy.

Şeýle hem bu neşir daşary ýurtly okyjylary türkmen döwletiniň ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly oňyn halkara başlangyçlary, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilişi bilen tanyşdyrýar. Žurnalyň sahypalarynda biziň ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna jikme-jik seljerme berilýär.

Neşirde Magtymguly Pyragynyň urdu dilinde çap edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hakynda aýratyn bölümde gürrüň berilýär. Onda Pakistanyň Aziýa siwilizasiýalary jemgyýetiniň ýolbaşçysy Z.Kureýşiniň makalasy okyjylara hödürlenýär. Onda nusgawy türkmen edebiýaty dünýä belli şahyrlar we akyldarlar bilen bir hatarda goýulýar. Şol sanawda A.Puşkin, O.Haýýam, T.Şewçenko, J.Rumy, A.Nowaýy we beýlekiler bar. Şeýle hem ol geçen ýylda dünýä möçberinde 290 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilen Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berýär. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar