Aliýew Minsk toparynyň egindeş baştutanlary bilen duşuşdy

Duşuşykda Daglyk Garabag meselesiniň häzirki ýagdaýy we çözgüt ediljek ediljek tagallalar seljerildi

220335
Aliýew  Minsk toparynyň egindeş baştutanlary bilen  duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň egindeş baştutanlary bilen Bakuwda duşuşdy.
İlham Aliýew ilki Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarifi kabul etdi.
Kabul edilşikde sebitara howpsyzlyk, terrorçylyga garşy göreş, energetika, aragatnaşyk, oba hojalyk bilen birlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.
Aliýew Daglyk Grabag meselesiniň çözülmegi üçin Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň egindeş baştutanlary bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda Daglyk Garabag meselesiniň häzirki ýagdaýy we çözgüt ediljek ediljek tagallalar seljerildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar