Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda çaknyşyk boldy

Front liniýasynda ermeni esgerleriniň ot açmagy sebäpli Azerbaýjanly 1 esger şehit boldy

212942
Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda çaknyşyk boldy

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda ermeni esgerleriniň ot açmagy sebäpli Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministirligi tarapyndan berlen beýanatda, düýn agşam front liniýasynda ermeni esgerleriniň ot açmagy sebäpli başlan çaknyşykda azerbaýjanly 1 esgeriň agyr ýaralanandygy we hassahanada ýogalandygy habar berildi.

Ministirlik tarapyndan berlen başga bir beýanatda bolsa, Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň düýn giýje front liniýasynda agyr ýaraglar we minomýot bilen 86 sapar ot açyp ylalaşygy bozandyklary nygtalýar

Azerbaýjanyň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, front liniýasyna ýakyn Towuz welaýatynyň Alibeýli obasyna 4 sagadyň dowamynda Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň ot açandygy nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar