Mewlüt Çawuşogly Aşgabatdaky saparyny dowam etdirýär

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkmenistandaky saparynyň ikinji gününde duşuşyklar geçirdi

201843
Mewlüt Çawuşogly Aşgabatdaky saparyny dowam etdirýär

Çawuşogly Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministriler bilen duşuşdy.
Toparara duşuşyklardan soň gol çekişilen bilelikdäki jarnamada 2015-2017-nji ýyllaryň arasyndaky döwür üçin çarçuwaly maksatnamada transport we energetika bilen birlikde köp sanly ugurda gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada karara gelindi.
Şol çäkde degişli ministrlikleriň taýarlajak habarnamalary oktýabr aýynda 3 ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagyndaky maslahatda seljeriler.
Üç ýurduň arasynda başladylan mehanizmiň nobatdaky maslahaty Türkiýede geçiriler.
Mewlüt Çawuşogly Türkmenistandaky saparyndan soň Efiopiýa gider.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar