Gazagystanly topar Türkiýede saparda bolýar

Görmez Türkiýede saparda bolýan Gazagystanyň Din işleri komitetiniň başlygy Galim Nurmaganbetuli bilen duşuşdy

177999
Gazagystanly topar Türkiýede saparda bolýar

Gazagystanyň Din işleri komitetiniň başlygy Türkiýede saparda bolýar.
Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez Türkiýede saparda bolýan Gazagystanyň Din işleri komitetiniň başlygy Galim Nurmaganbetuli bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi.
Myhman topar Gazagystandaky din adamlaryna bilim berilmegi meselesinde Din işleri guramasyndan goldaw sorady.
Türkiýäniň Din İşleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez hem “Gazagystandaky din adamlaryna bilim bermäge taýardyrys” diýip belledi.
Mehmet Görmez “Din barada dogry maglumat berlen ýagdaýynda asla ýalňyş garaýyşlar ýüze çykmaz” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar