Türkiýe bilen Gyrgyzystan ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy

Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahaty paýtagt Bişkekde geçirildi

161571
Türkiýe bilen Gyrgyzystan ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy

Türkiýe bilen Gyrgys Respublikasy ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy.
Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahaty paýtagt Bişkekde geçirildi.
Maslahata gatnaşan Wise-premýer Numan Kurtulmuş maslahatdan soň Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýeri Taýyrbek Sarpaşew bilen ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişdi.
Wise-premýer Kurtulmuş maslahatda sözlän sözünde baglaşylan teswirnamanyň iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 1 milliard dollara çykarylmagyny maksat edinýändigini nygtady.
Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynda iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysadiýet, maýa goýum, gümrük hyzmatlary, ylym, senagat we tehnalogiýa, aragatnaşyk, energetika, iş we sosial üpjünçilik, oba hojalyk, tokaý hojalygy we suw işleri, daşky gurşaw we şäherçilik, medeniýet we syýahatçylyk, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar