"Marka şäher Bolu we 2-nji Halkara Görogly festiwaly"dowam edýär

Halkara Görogly festiwaly başlady

141373
"Marka şäher Bolu we 2-nji Halkara Görogly festiwaly"dowam edýär

Bolu şäher häkimligi tarapyndan geçirilýän “Marka şäher Bolu we 2-nji Halkara Görogly festiwaly” düýn dabaraly ýagdaýda başlady. Üç gün dowam etjek festiwalyň açylyş dabarasy mynasibetli şäher häkimliginiň esasy meýdançasynda geçirlen dabara sungat ussady aktrisa Türkan Şoraý, Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gürjistandan, Täjigistandan, Ýakudistandan, DKTR-dan Eýrandan we Bolgariýadan gelen wekiller gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden şäher häkimi Zahterogullary, Boluda diňe bir festiwal geçirmeýändiklerini nygtap, “Biz Türk dünýäsiniň medeniýet şüweleňiniň, duşuşygynyň baýragymyny gutlaýarys. Biz bu geografiýalarda siz garaşsyzlyklaryňyza eýe bolýançaňyz ýetim galdyk we ýalňyzdyk. Biziň üçin esasy günlerinden we baýramlardan biri BMG-nyň merkezi jaýynyň öňünde Türkiýäniň baýdagy bilen birlikde beýleki türk döwletleriniň baýdagynyň asylan günüdir. Çünki siziň bagtly we güýçli bolmagyňyz Türkiýäniň güýçli bolmagy diýmekdir. Türkiýäniň güýçli bolmagy hem siziň güýçli bolmagyňyz diýmekdir” diýip belledi.
Görogly we festiwal hakynda maglumat beren Alaaddin Ýylmaza Azerbaýjanyň halk deputaty Paşaýewa tarapyndan Görogly lybasy sowgat edildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar