Garibaşwili Azerbaýjanda saparda boldy

Gürjistanyń Premýer ministri Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi

122520
Garibaşwili Azerbaýjanda saparda boldy


Gürjistanyń Premýer ministri İrakli Garibaşwili Azerbaýjanda saparda boldy.


Premýer ministri İrakli Garibaşwili Azerbaýjana guran saparynyń çäginde Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi.


İlham Aliýew bilen İrakli Garibaşwili iki ýurduń arasyndaky gatnaşyklaryń pugtalanmagyna hoşallyk bildirdi we saparyń gatnaşyklaryń has-da ösdürilmegine goşant goşjakdygyny nygtady.


Özara duşuşykdan soń Aliýew bilen Garibaşwili toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar