Türkiýe Hytaýa çagyryş etdi

Çagyryşda uýgurlaryň başlangyç hak-hukuklarynyň kepillendirilmeginiň möhümdigi nygtalýar

77945
Türkiýe Hytaýa çagyryş etdi

Türkiýe Sinjan uýgur awtanomiýasynda başdan geçirilýän wakalar barada Hytaýy aç-açan derňew işinin geçirmäge we wakalaryn sebäpleriniň anyklanyp, jogapkärlerini tapmaga çagyrdy.
Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Hytaýyň Sinjan uýgur awtanomiýasynda 28-nji iýulda bolan wakalarda “köp sanly adam pidasynyň çekilmegine we ýaralanmalara sebäp bolmagyna çuňňur gynanç bildirilýär” diýilýär.
Sebitden dürli çeşmelerden alynan habarlarda ölenleriň we ýaralananlaryn sany boýunça tapawutly sanlaryň berilýändigi, emma adam pidalarynyň we ýaralananlaryň esasy böleginiň uýgurlardandygy bolandygyna üns çekilýän beýanatda “Uýgur raýatlarymyz Hytaýdaky garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklap bilmeýändigi üçin aladalanýarlar” diýilýär.
Beýanatda “Şol sebäpli ilki bilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň waka boýunça aç-açan derňew işini başlatmagyna, wakalaryň sebäpleriniň doly anyklanyp, kim tarapyndan edilendigine garamazdan ýüze çykarylmagyna garaşýarys” diýilýär.
Sebitde asudalygyň we durnuklylygyň höküm sürmegi, şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy baradaky ýagşy dileglere orun berilen beýanatda “Şol çäkde wakalaryň sebäpleriň ortadan aýrylmagy, uýgurlaryň medeni hukuklary hem-de dini azatlyklary bilen birlikde başlangyç hak we azatlyklarynyň kepillendirilmegi möhüm” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar