Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Türkiýede

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Almazbek Atambaýew Türkiýede saparda boldy

82417
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Türkiýede

Türk geňeşiniň 4-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Gurbanguly Berdimuhamedow Çankaýa köşgünde Prezident Abdulla Gül tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.
Garlyşama dabarasyndan soň özara we toparara gepleşikler geçirildi.
Abdulla Gül bilen türkmen kärdeşi Berdimuhamedow duşuşyklardan soň metbugata beýanat berdi.
Abdulla Gül beýanatynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny nygtap, “Gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi hakynda pikir alyşdyk. Türkmenistan bilen ykdysady we söwda taýdan ýokary gatnaşyk edýäris” diýdi.
Berdimuhamedow hem saparynyň maksadyna ýetendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow soň bolsa Premýer ministr Erdogan bilen duşuşmak we hormatyna berlen günorta naharyna gatnaşmak üçin Premýer ministrlige bardy.
Berdimuhemedow Mejlisiň Başlygy Jemil Çiçek bilen hem duşuşdy.
Berdimuhamedow Prezident Gülüň Çankaýa köşgünde hormatyna beren resmi agşam naharyna gatnaşdy.
Abdulla Gül naharda eden çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda soňky 7 ýylda uly öňe gidişligiň edilendigini nygtap “Türkiýe-Türkmenisan gatnaşyklary altyn asryň miwesidir. Maksadymyz şol aýratynlygyny gorap saklamak bilen hyzmatdaşlygymyzy ähli taraplaýyn ösdürmekdir” diýdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hem saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny nygtady.
Berdimuhamedow Prezident Güle “Magtymguly Pyragy” nyşanyny gowşurdy.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Almazbek Atambaýew hem düýn Çankaýa köşgünde myhman alynan liderlerden biri boldy.
Atambaýew ilki Prezident Abdulla Gül tarapyndan garşylandy we iki kärdeş özara duşuşyk geçirdi.
Atambaýew soň bolsa Premýer ministr R. T. Erdogan bilen duşuşdy.
İki lider özara duşuşykdan soň Türkiýe bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatdan soň Atambaýew bilen Erdogan hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdi we metbugata beýanat berdiler.
Premýer ministr Erdogan Gyrgyzystanyň üýtgedip gurmak we öwrülşik etabyny başdan geçirýändigini, şol etapda syýasy, harby, ykdysadyýet, söwda, medeniýet we bilim taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň ýokarlandygyny aýtdy.
Erdogan Gyrgyzystan bilen söwda mukdarynyň 426 million dollara barabardygyny nygtap “Elbetde maksadymyz 2015-nji ýylyň ahyryna çenli şol sany 1 milliard dollara ýetirmek” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar