Berdimuhamedow bilen Atambaýew Ankara geldi

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar

80735
Berdimuhamedow bilen Atambaýew Ankara geldi

Bodrumda ertir öz işine başlajak Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahatynyň öňüsyrasynda liderler Ankarada resmi saparda bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Gül tarapyndan Çankaýa köşgünde resmi dabara bilen garşylanar.
Özara we toparara gepleşiklerden soň iki Abdulla Gül bilen Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda baglaşyljak şertnamalara gol çekişlik dabarasyna gatnaşar.
İki lider soň bolsa metbugata beýanat berer.
TBMM-niň başlygy Jemil Çiçek we Premýer ministr R. T. Erdogan bilen aýry aýry duşuşjak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türk-Türkmen işewürler maslahatyna hem gatnaşar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew hem Ankarada saparda bolýar.
Atambaýew Çankaýa köşgünde Prezident Gül tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.
Atambaýew özara we toparara duşuşyklardan soň Premýer ministr R. T. Erdogan bilen Türkiýe bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna gatnaşar.
Atambaýewiň saparynyň çäginde Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly şertnama baglaşylar.
Prezident Abdulla Gül Çankaýa köşgünde Prezident Atambaýewiň hormatyna günorta, kärdeşi Berdimuhamedowyň hormatyna bolsa resmi agşam naharyny berer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar