Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen şu gün Türkiýä geler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýä geler

79341
Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen şu gün Türkiýä geler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Gülüň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Türkiýä geler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamdow 2014-nji ýylyň iýun aýynyň 2-4-i aralygynda Türkiýede resmi saparda bolar.
Sapar iki ýurduň arasynda soňky 7 ýylda prezident derejesinde guralýan 12-nji sapar bolar.
Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde dost we dogan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerler.
Saparyň çäginde şeýle hem Türkiýe-Türkmenistan Ykdysadyýet komissiýasynyň maslahaty bilen Türk-Türkmen işewürler maslahaty geçirler.
Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow Ankarada geçirjek resmi gepleşiklerini tamamlandan soň iýun aýynyň 4-5-i aralygynda Bodrumda geçiriljek Türk Geňeşiniň 4-nji sammitine gatnaşar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar