Sürgüniň 70-nji ýyly

Krym tatarlaryyň mundan 70 ýyl ozal Sowet hökümeti tarapyndan sürgün edilişi 70-nji ýyynda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde hatyralandy

69175
Sürgüniň 70-nji ýyly

Ukrainadaky tatarlar Sowet lideri Stalin tarapyndan 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda Orta Aziýa we Sibire sürgün edilipdi.
Tatarlaryň ýarysy ýolda ýa-da giden ýerlerinde açlyk, suwsuzlyk we hassalyk sebäpli ýogaldy.
Tatarlaryň dogduk diýarlaryna dolanyp barmaklaryna 1980-nji ýyldan soň bölekleýin rugsat berildi. Emma bu mesele henizem doly çözülmedi.
Ukrainanyň paýtagaty Kiýewde we Lwow şäherinde geçirilen hatyralama çärelerine tatarlar we olara goldaw berýän ukrainalylar gatnaşdy.
Paýtagt Kiýewde geçirilen çärä Kryma barmagyna rugsat berilmedik Krym tatarlarynyň lideri we Ukrainanyň halk deputaty Mustafa Alduljemil Krymogly hem gatnaşdy.
Krymogly “Bu ýylky mitingimiz Krymda bes edildi. Basybalyjylygyň her bir güni, her bir ukrainalyny kemsitmekdir” diýdi.
Sürgün edilenleriň hormatyna ýakylan şemler Krym ýarym adasynyň kartasynyň şekilinde düzüldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar