Türkmenistanyň Prezidenti Abdulla Güle gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

68700
Türkmenistanyň Prezidenti Abdulla Güle gynanç bildirdi

Berdimuhamedow hatynda öz gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Türkiýäniň Manisa welaýatynyň Soma etrabynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine getiren daş kömür känindäki partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Тürkiýäniň Prezidentine we doganlyk türk halkyna ruhy durnuklylyk, mertlik dileg etdi hem-de şu agyr pursatda gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna özüniň gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar