Taryhda 14-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1544786
Taryhda 14-nji dekabr

1911-nji ýylyň 14-nji dekabry… “Wiking” lakamly norwegiýaly jahankeşde Roald Amundsen demirgazyk-günbatar geçelgesini aşyp, Günorta Ýarym Şara barýar.

1960-njy ýylyň 14-nji dekabry… ABŞ, Kanada, Türkiýe Umumy bazar ýurtlarynyň düzümine girýän 9 ýurt we Ýewropanyň erkin söwda bileleşigine agza 7 döwlet Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyny döretmek hakyndaky Pariž ylalaşygyna gol çekişýär.

1995-nji ýylyň 14-nji dekabry… Ýugoslawiýada 3 ýyl dowam eden içerki uruşyň bes edilmegi hakyndaky Daýton ylalaşygyna Aliýa Izzetbegowiç, Slobodan Milosewiç we Franko Tudmanyň tarapyndan gol goýulýar.

2005-nji ýylyň 14-nji dekabry… “Trewanian” lakamy bilen “Şibumi”, “Katýanyň tomusy” we “Hasaplaşyk” ýaly edebiýat dünýäsinin belli eserlerini döreden amerikaly ýazyjy Rodneý Uilliam Witeker 74 ýaşynda dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar