Taryhda 12-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1526125
Taryhda 12-nji noýabr

1900-njy  ýylyň 12-nji noýabry… Halkara Pariž sergisine gelip görenleriň sany boýunça rekord goýulýar. 50 milliona barabar adamyň gezip gören sergisine Osman imperiýasy bilen birlikde ençeme ýurtdan 76 müňden gowrak öndüriji gatnaşýar. Kino-filmler we eskalatorlar uly gyzyklanma döredýär.

1969-njy ýylyň 12-nji noýabry… Amerikaly žurnalist, Pulitzer baýragynyň laureaty Seýmur Herş Wiýetnamdaky Maý Lai gyrgynçylygynyň üstüni açýar. Gyrgynçylykda Amerikan esgerleri çagalar we zenanlar bilen birlikde asuda ilatdan 500 adamy öldürýär.

1998-nji ýylyň 12-nji noýabry… Türkiýäniň egilşiksiz yzarlamasy netijesinde Russiýadan Italiýa gaçan terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçysy Abdullah Öjalan Rimiň howa menzilinde galp pasport bilen ele salynýar.

1999-njy ýylyň 12-nji noýabry… 17-nji awgust ýer titremesiniň ýitgileriniň öwezini dolmaga synanşýan Türkiýe Boluda, Düzjede we Kaýnaşlyda 7,2 bala barabar ýer titremesini başdan geçirýär. Ýer titremesinde 15 müňden gowrak bina ýykylýar, 845 adam ýogalýar we 4,948 adam ýaralanýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar