Taryhda 22-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1477294
Taryhda 22-nji awgust

 

1642-nji ýylyň 22-nji awgusty…  Britaniýada 9 ýyl dowam eden içerki uruş başlaýar. Şalygyň we parlamentar dolanşygyň tarapdarlarynyň arasynda başlan çaknyşyklar 1651-nji ýylyň 3-nji senýabrynda Workester söweşinde parlamentiň üstün çykmagy bilen gutarýar.

1812-nji ýylyň 22-nji awgusty…   Iordaniýadaky Petra arheologik goraghanasy şweýsariýaly jahankeşde Ýohann Borkhard tarapyndan açylýar. B.e.ozalky 400-nji ýyl bilen biziň eýýamymyzyň 106-njy ýyllary aralygynda Nabatilere paýtagtlyk eden şäher Rim hüjüminden soň 400-nji ýyllarda ýer titremesi hem-de ykdysady sebäplerden ähmiýetini ýitirýär.

 

2000-nji ýylyň 22-nji awgusty…   Azerbaýjanyň ozalky Prezidenti Ebulfeýz Elçibeý 62 ýaşynda dünýeden ötýär. Elçibeýiň jaýlanmagyna 1 milliona barabar adam gatnaşýar.



Degişli Habarlar