Taryhda 20-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1475807
Taryhda 20-nji awgust

636-njy ýylyň 20-nji awgusty…  Halid bin Welidiň serkerdelik edýän arap goşunlary Wizantiýanyň goşunlaryny Ýemruk söweşinde ýeňýär. Söweşden soň Siriýanyň we Palestinanyň gözegçiligi Yslam döwletine geçýär.

1940-njy ýylyň 20-nji awgusty… Birnäçe wagt Stambulda-da ýaşan Leon Troski Meksikada sürgünde mahaly Staliniň içalysy tarapyndan öldürilýär.

1968-nji ýylyň 20-nji awgusty… Çehoslowakiýa, Sowet Soýuzy we Warşawa Paktyna girýän ýurtlar tarapyndan basylyp alynýar. Aleksandr Dubçek we beýleki çeh liderler tussag edilýär. Sowet tanklary Praganyň köçelerinde halkyň garşylygyna duçar bolýar.

2017-nji ýylyň 20-nji awgusty… Amerikaly meşhur komediýa ussady Jerri Lewis 91 ýaşynda Las Wegasdaky öýünde dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar