Taryhda 17-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1473923
Taryhda 17-nji awgust

1987-nji ýylyň 17-nji awgusty… Nemes faşist liderlerinden Rudolf Hess tussaghanasyndaky kamerasynda janyna kast edýär. Hess 1941-nji tylda öz sürýän uçary bilen Şotlandiýa gonandan soň tussag edilip, Nýurnbergiň kazyýeti tarapyndan ömür boýy azatlykdan mahrum edilýär.

1988-nji ýylyň 17-nji awgusty… Pakistanyň döwlet Ýolbaşçysy Ziaul Hak münen uçarynyň partlamagy sebäpli ölýär. Ziaul Hak baş ştaby bolan ýyllarynda 1977-njiýyldaky saýlawdan soň Pakistanda içerki dartgynlyk sebäpli asuda agdarlyşyk bilen Zulfikar Ali Buttony häkimiýetden çetleşdirip, 1 ýyl soň prezident bolýar.

1999-njy ýylyň 17-nji awgusty… Türkiýäniň Mermer sebitinde taryhyň pajygaly ýer titremelerinden biri başdan geçirilýär. 7,4 bala barabar ýer titremesi 45 sekunt dowam edýar. Pajygada 18,373 adam pida bolýar, 48,901 adam ýaralanýar, ýüzlerçe müň adam öýsiz galýar. 245 müň öýe zeper ýetýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar