Taryhda 13-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1472077
Taryhda 13-nji awgust

1956-njy ýylyň 13-nji awgusty…  Ylmy-amaly edebiýatyň Žuli Wern bilen iki beýik öňbaşçysyndan biri bolan iňlis žurnalisti we taryhçy Gerbert Jorj Will 80 ýaşynda dünýeden ötýär.

1961-nji ýylyň 13-nji awgusty…  “Sowuk Uruş” döwrüniň simwoly Berlin diwarynyň gurluşygyna başlanýar. 46 kilometr uzynlygyndaky Berlin diwary şäheriň gündogary bilen günbataryny 30 ýylyň dowamynda fiziki taýdan biri-birinden aýyrdy.

1987-nji ýylyň 13-nji awgusty…   ABŞ-nyň Prezidenti Ronald Reýgen “Eýran-Kontr Masgaraçylygynda” günäkärdigini resmi taýdan boýun alýar. Masgaraçylyk Podpolkownik Oliwer Nortyň liderlik edýän toparynyň bikanun ýagdaýda Eýrana Amerikan ýaraglaryny satmagy we alan girdejisini Nikaraguadaky Sosialist hökümeti agdarmak üçin göreşýän ýaragly topara geçirendiginiň anyklanmagyndan soň ýüze çykýar.



Degişli Habarlar