Taryhda 24-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1461116
Taryhda 24-nji iýul

1923-nji  ýylyň 24-nji iýuly… Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy resminamasy bolan “Lozanna Şertnamasyna” Şweýsariýada gol çekişilýär. Şertnama ilkinji bolup İsmet İnöniden, Dr.Ryza Nurdan we Hasa Sakadan ybarat bolan türk wekiliýeti gol çekýär. 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda başlan we 4 ýyl dowam eden Türkiýäniň azat edijilik söweşi ýeňiş bilen gutarýar we Lozanna şertnamasy bilen garaşsyzlygy resmi taýdan ykrar edilýär.

1974-nji ýylyň 24-nji iýuly… Türk goşunlarynyň Kipr parahatçylyk operasiýasyna başlamagy Gresiýada syýasy dartgynlyga sebäp bolýar we 1967-nji ýyldan bäri dowam edýän harby hunta häkimiýet başyndan agdarylýar. Sürgündäki ozalky premýer ministr Konstantin Karamanlis hökümeti gurman üçin Gresiýa dolanýar.

1995-nji ýylyň 24-nji iýuly… Günbatar Frakiýa türkleriniň syýasy liderlerinden Sadyk Ahmet Gümüljinäniň golaýynda duçar bolan ulag heläkçiliginde 48 ýaşynda aradan çykýar. Ömrüni Günbatar Frakiýa türkleriniň etniki şahsyýeti we syýasy hukuklary üçin göreşe bagşeden Sadyk Ahmediň jynazasyna müňlerçe adam gatnaşýar.



Degişli Habarlar