Taryhda 23-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1441050
Taryhda 23-nji iýun

1812-nji ýylyň 23-nji iýuny…. Napolon Bonapartyň serkerdelik edýän fransuz goşunlary Russiýa saparyna başlaýar. 700 müňe golaý eserden ybarat bolan fransuz goşuny rus goşunlarynyň 3 aýyň dowamynda yza çekilmegi sebäpli Moskwa çenli baryp ýetýär. Moskwanyň eteklerinde bolan söweşde üstün çykan Napolon, paýtagty harabalyk ýagdaýynda alýar, emma rus sapary Napolonyň goşunlarynyň esasy bölegini ýitirmegine sebäp bolýar.

1948-nji ýylyň 23-nji iýuny…. Gündogar Berlini basyp alan Sowet Soýuzy ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň gözegçiligindäki Günbatar Berliniň daşarky dünýä bilen bolan ähli gara ýoly gatnaşygyny kesýär.

1961-nji ýylyň 23-nji iýuny…. Türkiýe bilen Federatiw Germaniýanyň arasynda gazanylan işçi kabul etmek hakyndaky ylalaşyga laýyklykda ilkinji türk topary Germaniýa ugraýar we ýyllaryň dowamynda işçileriň sany millionlara ýetýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar