Taryhda 1-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1389172
Taryhda 1-nji aprel

         1564-nji ýylyň 1-nji apreli… Ilkinji “1-nji aprel” degişmesi Fransiýada çap edilmäge başlanýar. Çalyşan kalendara görä täze ýyl indi 1-nji aprel däl, 1-nji ýanwardan başlaýar. Apreliň birimji güni täze ýyly belläp geçmäge öwrenişen halk we täze kalendara garşy bolanlar dürli degişmeler etmäge başlaýar.

         1921-nji ýylyň 1-nji apreli… “2-nji Inönü Urşy” Türkiýäniň Mejlisiniň hökümetine degişli Türk goşunlarynyň ýeňişi bilen gutarýar. Grek goşunynyň hüjümlerine İnönü pozisiýalarynda 10 günüň dowamynda garşy duran Türk goşuny hüjüme geçip, grek güýçleri yza serpikdirýär.

 

 

1955-nji ýylyň ýylyň 1-nji apreli…  Kiprde grek terrorçysy Griwas terror guramasy EOKA-ny döredýär. EOKA adadaky iňlis dolanşygyna we türklere garşy hüjümlere başlaýar. Şol döwürde Kipr türkleri tarapyndan döredilen “Türk göreş guramasy” hem işe girişýär.

1979-njy ýylyň 1-nji apreli… Eýranda moharhiýany agdaran Aýatulla Humeýni ýurduň “Yslam respublikasy” dolanşygyna geçendigini yglan edýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar