Taryhda 22-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1382715
Taryhda 22-nji mart

 

1888-nyi ýylyň 22-nji marty… Osman döwletiniň deňiz floty ilkinji deňiz asty gämilerini alýar. Flota goşulan iki deňiz asty gämisine “Abdulhamid” we “Abdulmejid” atlary goýulýar.

1968-nji ýylyň 22-nji marty… Ýewropa we dünýä taryhyna ýetiren täsirleri uzak ýyllar dowam eden “68-nji ýyldaky wakalar” Fransiýada başlaýar. Parižin Nanterre uniwersitetinde Wiýetnam urşuna garşy başlan we bilim reformasynyň geçirilmegini talap edýän talyplar ýokary okuw mekdebiniň zalyny basyp alýar. Uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň 150 demonstrant talyp üçin polisi çagyrmagy sebäpli wakalary ýaýbaňlanýar we ýurduň ähli şäherinde talyp boýkotlary bilen iştaşlaýyşlar başlaýar.

2013-nji ýylyň 22-nyi marty… Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin NEtanýahu “Mawi Marmara” hüjümi sebäpli Türkiýeden resmi taýdan ötüç soraýar.



Degişli Habarlar