Taryhda 18-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1380192
Taryhda 18-nji mart

1915-nji ýylýň 18-nji marty… Stambuly basyp almak we Osman döwletini 1-nji Jahan urşundan çetleşdirmek isleýän Antanta girýän ýurtlar harby gämileri bilen Dardanel bogazyndan geçmäge synanşýar, emma oňa ýol berilmeýär. İňlis-Fransuz Birleşen Floty taryha “18-nji mart deňiz söweşi” hökmünde geçen hüjümde agyr ýitgi çekýär. Türk goşuny Birleşen flotdan 3 sowutly gämini hatardan çykarýar, 4 sowutly gämä agyr zarbar urýar. Antanta girýän ýurtlar Dardanel bogazynyň diňe bir deňiz floty bilen geçilip bilinmejekdigine, pyýada goşunlar bilen Gallipoli ýarym adasynyň basylynmagyna karar berip, 25-nji aprelde ýarym ada hüjüm guraýar.

1962-nji ýylýň 18-nji marty… Alžiriň Milli azat edijilik fronty 1954-nji ýylda başladan göreşi we soň başlan içerki uruş Fransiýa bilen söweşijileriň arasyndaky ylalaşmazlyk bilen gutarýar. 8 ýyl dowam eden içerki uruşda 250 müňe golaý alžirli ýogalýar. Alžir 5-nji iýulda garaşsyzlygyny yglan edýär.

1992-nji ýylýň 18-nji marty… Günorta Afrikada garaýagyzlara deňderejeli raýatlyk hukugyny berýän konstitutsion özgertme diňe akýagyzlaryň gatnaşmagyndaky referendumda kabul edilýär.

 


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar