Taryhda 16-njy mart

Taryhyň Şu Güni

1378686
Taryhda 16-njy mart

1919-njy ýylyň 16-njy marty… Antanta girýän ýurtlar Osman imperiýasynyň paýtagty Stambuly basyp alýar. Basyp alyjy güýçler ertiriň irki sagatlarynda Şehzadebaşy polis merkezine hüjüm edip, ýaragsyz esgerlere od açýar, 4 esger şehit bolýar, 10 esger ýaralanýar.

1921-nji ýylyň 16-njy marty… 1-nji İnönü ýeňişinden soň Türkiýäniň Mejlisiniň Hökümeti bilen Sowet Soýuzynyň arasynda Moskwa şertnamasy baglaşylýar. Sowet Soýuzy Ankara hökümetini resmi taýdan ykrar edýär.

 

1968-nji ýylyň 16-njy marty… Witetnam urşunda Mý Lai, Mý Khe we Son Mý obalaryna şol bir wagtda hüjüm eden Amerikan esgerleri asuda ilatdan 347 adamy gyrýar. Taryha “Mý Lai Gyrgynçylygy” hökmünde geçen wakada 1 esgerden başga hiç kime jeza werilmeýär. Şol ABŞ-nyň Prezidenti Wiýetnama ýene-de 50 müň esger ugratmak hakynda karar kabul edýär.

1988-nji ýylyň 16-njy marty… Yragyň goşuny ýurduň demirgazygyndaky Halapça etrapçasyna himiki hüjüm guraýar. Hüjümde 5 müňe golaý adam ýogalýar, 10 adam ýaralanýar. Saddam Hüseýiniň häkimiýetden agdarylmagyndan soň Yragyň Ýokary jenaýat kazyýeti “Halapça gyrgynçylygyny” “Genosid” hökmünde kabul edýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar