Taryhda 21-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1344146
Taryhda 21-nji ýanwar

 

1522-nji ýylýň 21-nji ýanwary… Osman imperiýasy Rodos adasyny zabt edýär. Gündogar Ortaýer deňizindäki strategik Rodos adasy Kanuny Soltan Süleýmanyň serkerdelik etmegindäki Osman goşunlary tarapyndan alynýar. Adadaky rysarlar 9 maddadan ybarat bolan ylalaşyk bilen Rodosy we 12 adany türklere tabşyrýar.

 

1924-nji ýylýň 21-nji ýanwary… Oktýabr ynkylabynyň öňbaşçysy we Sowet Soýuzynyň esaslandyryjysy Wladimir İliç Lenin 53 ýaşynda dünýeden ötýär.

 

1996-njy ýylýň 21-nji ýanwary… Palestinada ilkinji gezek geçirilen saýlawda üstün çykan Ýaser Arafat döwlet Ýolbaşçylygy wezipesine girişýär.

 

 

2017-nji ýylýň 21-nji ýanwary… Türkiýede “Prezident dolanşygy ulgamyna” geçmek hakyndaky konstitutsion özgertme Türkiýäniň Mejlisinde kabul edilýär. 18 maddadan ybarat bolan 339 ses bilen kabul edilen özgertmä laýyklykda Prezidentiň saýlawy, wezipeleri we ygtyýarlary ýaňadandan kesgitlenýär, halk wekilliginiň möhleti 5 ýyla göterilýär we halk wekilleriniň sany 600-e ýetirilýär.



Degişli Habarlar